Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baý maglumat giňişligi kemala gelip, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, giň gözýetimli bolmagyna, internet torlarynyň kömegi arkaly sapaklary özleşdirip, dünýä tejribesini öwrenmegine ýardam edýär. Munuň özi hünär taýýarlygy babatda ýaşlardan edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky giň gerimli, milli hem-de dünýä tejribelerini özünde jemleýän özgertmeler hemmämizi buýsandyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu özgertmeler kämil bilim almagy, ylym öwrenmegi, kompýuterlerdir öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlarça erk etmegi, sport bilen meşgullanmagy, kitaby hemişelik hemra edi-nip, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeltmegi mizemez durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar nesilleri kemala getirdi. Diýmek, döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar netijesinde nesillerine bilim-terbiýe bermegi hemişe baş maksadyna öwren halkymyzyň gadymdan gelýän asylly arzuw-maksady hasyl bolýar. «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly onlarça çuň mazmunly nakyllarda bolsa halkymyzyň ylym-bilime bolan kämil garaýyşlary aýdyň ýüze çykýar.
Döwletiň berk binýady we kuwwaty, ähli ösüşleriň badalgasy bolan bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Muhammetgurban ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler