Aşgabatda Sarahs baba Abul Fazl piriň 1000 ýyllygy bellenilýär

Türkmen halkynyň arasynda Sarahs baba ady bilen tanalýan Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsyň bahasyna ýetip bolmajak ylmy mirasy biz üçin gymmatly hazynadyr. Abul Fazl as-Sarahsy XI asyrda ýaşap geçipdir we 1023-nji ýylda aradan çykypdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bolsa onuň 1000 ýyllygyna gabat gelmegi örän bellärliklidir.

Abul Fazl as-Sarahsy musulmançylygyň sopuçylyk (sufizm) taglymatynda uly meşhurlyk gazanyp, bu ylym ýolunda köp-köp şägirtleri ýetişdiripdir. Olaryň içinde Beýik seljuklar döwletiniň düýbüni tutan Muhammet Togrul bege we Dawut Çagryl bege soltanlyk üçin pata beren Abu Seýit Abylhaýr Mäneliniň adyny getirmek ýeterlikdir.

Kitaplarda we ýatlamalarda Sarahs babanyň şerigat we tarykat ýollaryndaky meseleleri öz şägirtlerine düşündirişi barada aýdylýar. Ferideddin Attaryň “Tezkiretil öwlüýä” kitabynda ýazmagyna görä, Abul Fazlyň bir şägirdi ondan Kuranyň “Fezkuruni ezkurukum” (2s.:152a.) diýen aýatyny düşündirmegi sorapdyr. Pir giç-ara düşündirişe başlap, daň atýança aýata 700 düşündiriş beripdir we daň atmadyk bolsa sapagy ýene dowam etdirjek ekeni.

Bir gezek uzak wagtlap ygal bolmandyr. Çarwalar Sarahs babadan ýagyş ýagdyrmak hakynda doga etmegi haýyş edipdirler. Ol doga edipdir. Şol gije ýere galyň gar düşüpdir.

Tejenli Ylýas Abdyllaýew Sarahs babanyň il içindäki sarpasy hakynda şeýle ýazýar:

Aramgähiň şugla salýar äleme,
Keramat sen, hem gudrat sen aňana,
Dana dünýäň ýetip päklik diňine,
Sena bolduň, şirin dile Beýik pir.

Uly şöhrata eýe bolan pir Abul Fazlyň mawzoleýi oňa uly hormat goýan belli şahslar tarapyndan döwrüň talabyna laýyk rejelenip durupdyr. Emma muňa garamazdan öňki döwürlerde bet niýetli duşmanlar Sarahs babanyň aramhanasyny partladyp ýok etmekçi bolupdyrlar. Gurbanýaz molla diýen biri duşmanlaryň ketdesiniň ýanyna baryp, “Sarahs baba üýtgeşik bina. Hudaýa ynanmaýan, öwlüýä hormat goýmaýan bolsaňyz hem, ylyma sarpa goýuň. Bu bina ylym, hasap-hesip bilen gurlan. Ynanmasaňyz onuň depesindäki deşikden bir ýumurtga oklaň, ýere düşüp döwülse, bet işiňizi ediň” diýipdir. Barlap görüpdirler, ýumurtganyň abat düşmegi olary geň galdyrypdyr. Olar bet pygyldan el çekipdir”.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Sarahs babanyň adyny birnäçe ýola ýatlap geçmegi ýöne ýere däldir. Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleti dowam edýär.

Bu ugurdaky işler Hormatly Prezidentimiziň berýän görkezmelerine laýyklykda dowam edýär: indiki nobatda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenmegini bellemek bolar.

Taryhy-medeni miras — watanymyzyň we halkymyzyň gymmatly baýlygydyr. Türkmen halkynyň täsin ruhy baýlygyny talabalaýyk gorap saklamak, hasaba almak hem-de baýlaşdyrmak bilen bir hatarda medeniýetleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde diýarymyzyñ dürli künjeklerindäki muzeýler we kitaphanalar medeni ojaklar bolup durýar. Türkmenistanda gadymy siwilizasiýalaryñ taryhy ýadygärlikleriniñ ýüzlerçesi bar. Olaryň hemmesi bu gün döwlet tarapyndan gorag astynda saklanylýar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok