«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

“Türkmenmetbugat” web saýty “Arkadagly ýaşlar” žurnalynyň täze 11-nji sanyny okyjylar köpçüligine hödürledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen bu elektron neşir gysga wagtyň içinde okyjylaryň söýgüli žurnalyna öwrüldi.

Neşiriň täze sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumyny şöhlelendirýän “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýürekdeşlik” atly sözbaşyly makala bilen açylýar. Ilkinji sahypalarda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan “Ömrümiň manysy” atly kitaby hakynda buýsançly gürrüň edilýän “Beýik maksatlara ruhlandyrýan paýhaslar” atly makala okyjylary mazmun taýdan hem, dizaýn bezegi boýunça-da özüne çekýär. Žurnal adatdakysy ýaly, ylym-bilim, medeniýet, sport, ekologiýa, medeni-miras, döredijilik ýaly möhüm ugurlar boýunça dürli žanrlarda ýazylan makalalar bilen taýýarlanypdyr. Bu žurnaldan her ýaşdaky okyjy özüne gerekli bolan gymmatly maglumatlara eýe bolup bilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda dünýä dilleri ýaşlaryň arasynda ürç edilip öwrenilýär. Şu nukdaýnazardan žurnalda ýerleşdirilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň rus dilindäki terjimesi-de örän ýerliklidir.

Žurnalyň özboluşly däbine öwrülen “Ýaş waspçy” atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen okyjylar jemleýji sahypalarda tanşyp bilýärler.

Selbi HSEROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok