Tagtabazar gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary gaz känlerinde guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan tebigy gazyň akymyny aldylar.

Müdirligiň gazçylary şu guýynyň burawlaýyş işlerini 1940 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly, 1893, 1883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 226 müň 400 kub metr tebigy gaz berýär.

Ene ORAZBERDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok