3,3 milliard dollara barabar bolan 180 taslama hasaba alyndy

ABŞ-nyň kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýumlary 3,3 milliard dollara barabar boldy. Bu barada, Türkmenistan-ABŞ işewürler forumynda bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda amerikaly kompaniýalaryň gatnaşmagynda umumy bahasy 3,3 milliard dollara barabar bolan 180 taslama hasaba alyndy. Olaryň arasynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere” we beýleki bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistan ABŞ-a nebitgaz we himiýa senagaty toplumlaryna degişli harytlary eksport edýär. Türkmenistan öz gezeginde enjamlar, metal önümleri, ulag serişdelerini we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alýar.

Serdar NARKULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok