Ýurdumyza täze howa gämisi gelip gowuşdy

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy iýunynda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8 MAX 8» kysymly howa gämisini satyn almak barada ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek barada Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, «Boeing 777-300/ER» kysymly howa gämilerini satyn almak barada ABŞ-nyň degişli kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Degişli resminamalara laýyklykda, şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing 777–300 (ER)» kysymly howa gämileriniň 2-sini satyn aldy. Şolaryň birinjisi düýn — 4-nji dekabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gowuşdy. Ol «Türkmenhowaýollary» agentligiň düzüminde ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir.

«Boeing 777-300ER» (ER — «Extended Range» «ýokarlandyrylan uzaklyk» diýen manyny berýär) ýolagçy uçary birbada 365 ýolagça niýetlenip, ol 13 müň 649 kilometre barabar bolan aralyga uçuşlary üznüksiz ýerine ýetirmäge ukyply howa gämisidir.

Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ygtyýarynda «Boeing» kompaniýasynyň «737-700», «737-800» we «757-200» kysymly uçarlary bar. Şeýle hem milli awiasiýamyzda ýük daşamak üçin niýetlenen «Airbus 330-200» we «Il-76TD» kysymly uçarlar peýdalanylýar.

Jennet ÖWEZGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok