Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde iş saparynda bolup, V Bütindünýä media-sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň media düzümleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

V Bütindünýä media-sammitiniň umumy mejlisiniň açylyş dabarasyna Hytaýyň hökümetiniň we HHR-iň Guandun welaýatynyň ýokary wezipeli wekilleri, Sinhua habarlar agentliginiň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy kommunikasiýa boýunça orunbasary hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri habarlar agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onuň dowamynda dünýäniň media gatnaşyklarynyň ösüş derejesine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi we mejlisiň gün tertibine tutuş adamzat ähmiýetli meseleler girizildi. Şunda adam mümkinçiliklerini öňe ilerletmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini çözmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýşöhle DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok