Türkmen halky edep-terbiýä uly üns beripdir. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” şeýle hem “Döwlet guşy” romanlaryny okanymyzda Hesel enäniň, Berdimuhamet Annaýewiň öz perzentlerine öwredýän edep-terbiýesinde munuň aýdyň mysalyny görýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, ene diliniň, çuňňur mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebiniň dürdänelerine esasdyr. Çuňňur mazmunyň esasynda bolsa Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň täsiri bar. Sebäbi, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet mugallym öz asylly kärinde-de, maşgalasynda-da Pyragynyň şygyrlaryny ýörelge edinipdir. Çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelen Milli Liderimiziň pederi Mälikguly aga Magtymgulynyň goşgularyny okapdyr, onuň “Ýeldim tut” goşgusy bilen diňe öz kalbyna däl, tutuş obadaşlarynyň kalbyna ruhy güýç paýlamagy başarypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar barada alyp barýan adyl syýasatynyň mazmuny hem Magtymguly Pyragy bilen üznüksiz baglanyşýar. Döwletmmämmet Azadydan tälim alan, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny berkararlyga, agzybirlige çagyran Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini äleme ýaýmakda bu günki Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler amala aşyrylýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmegi bolsa beýikleriň ykbalynyň birliginden nyşan.
Ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daýanjyna öwürýän, okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!
Merdan GIRBANGELDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler