Türkmen suratkeşi halkara sergä gatnaşdy

Şu ýylyň 17-25-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde «Hytaý we Merkezi Aziýa» atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisi guraldy.

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň belli nakgaşlary bilen bir hatarda bu medeni çärä biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew gatnaşdy. Halypa nakgaş özüniň «Rodoguna», «Tumar şa», «Gumly gelin», «Kejebe», «Üç elti» ýaly eserleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdy.

Serginiň dowamynda oňa gatnaşan dostlukly ýurtlaryň nakgaşlary ussatlyk sapaklaryny geçdiler, birek-birekden tejribe alyşdylar we täze eser döretdiler. I.Işangulyýew ahalteke bedewimize bagyşlap çeken «Şasöýen» atly eserini sergini gurnaýjylara sowgat berdi. Sergä gatnaşanlara gurnaýjylar tarapyndan diplom gowşuryldy.

Serdar ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok