Innowasion ösüşleriň gurşawynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda önümçilige täze döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Kämil tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we işleriň netijeliligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmeginde hem-de elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagynda 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň, her bir pudakda gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap kärhanalaryň ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine aýratyn öwüşgin çaýýandygyny, ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklaýandygyny bellemek örän ýerliklidir. Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy milli ykdysadyýetleriň öňünde ösüşiň amatly nusgalaryny gözlemek we has netijeli ýollaryny ornaşdyrmak meseleleriniň wajyplygyny artdyrdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýada diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilkinji nobatda, ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerde içki mümkinçilikleri ulanmagymyzyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak wezipelernden ugur alynýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ykdysady ösüşiň täze hiliniň gazanylmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmak ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşiň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Hususan-da, ýurdumyzyň innowasiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýete geçmegi adam maýasynyň möçberiniň çalt artdyrylmagyna ýokary talaplary bildirýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň guwandyryjy ösüşleri ähli halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Dawut DURDYMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok