Ilkinji şaýy pullar

Şaýy pullar – iň gadymy pul görnüşidir. Olar taýak, halka, tegelek ýa-da haýwanlaryň kellesine meňzeş görnüşdäki, misden, kümüşden we gymmat bahaly metallardan ýasalan teňňelere çenli ösüş ýoluny geçdiler. Ilkibaşdaky teňňelerde hiç hili şekilleri bolmandyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň ýüzlerinde şekiller döredilip başlandy. Teňňeler döredilende olar arzan bahaly metallardan ýasalypdyr. Soňra onuň hümmeti ýokarlanyp gymmat bahaly metallar, ýagny kümüş we altyn ýaly metallar ulanylyp başlandy.

Gadymy grekler teňňeleriň ýüzünde mifleriň gahrymanlarynyň, rimlileriň Ýanus ýa-da Saturn taňrylarynyň suratlaryny şekillendiripdirler. Olaryň gahrymanlaryň, taňrylaryň şekillerini teňňeleriň ýüzünde şekillendirmekleriniň hem özüniň sebäpleri we taryhy bardyr.

Şaýy pullaryň köp ýasalmagy onuň ezilmezliginiň we birleşmeginiň amatlylygy bilen baglanyşykly bolupdyr. Olar alyş-çalyş üçin örän amatly bolup, pes agram we göwrüm bilen deňeşdirilende gaty gymmatdyr. Aýry-aýry ýurtlaryň taryhynda teňňeleriň bir sebäbe görä ulanylmagy bes edilen belli bir döwürleri hem bar. Şeýlelik bilen, Russiýada XII-XIV asyrlarda teňňesiz döwür bolup geçdi. Sebäbi daşary ýurtlardan gelýän kümüş akymlary gutardy we şol döwürlerde Russiýanyň özünde kümüş ýataklary ýokdy.

Häzirki wagtda diňe esasy metallardan ýasalan ownuk pul teňňeleri dolanyşykda ulanylýar, olar ownuk tölegler üçin peýdalanylýar. Beýleki döwletler ýaly hem, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy pullarymyzy öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Taryhy tapyndylarymyzy halka görkezmek üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän muzeýler döredildi. Muzeýlerde beýleki milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, geçmişde ulanylan pullar we Garaşsyzlyk döwründe dolanyşyga girizilen hem-de ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanyp çykarylýan ýadygärlik pullar saklanylýar.

Güljemal GRANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Kesel bejeriş
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok