«COP-28» maslahatynyň çäklerinde Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy

BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (СOP-28) öz işine başlady.

Häzirki döwürde ynsanyýeti tolgundyrýan global meselelere bagyşlanan bu forum ählumymy ekologik meseleleri çözmeklige bagyşlanandyr. Bu forum şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli dowam eder.

Bu iri foruma dünýä döwletleriniň köpsanly wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň hem wekilleri, döwletleriň we hökümetleriň, halkara guramalaryň, işewür toparlary, ýaşlary gatnaşýarlar.

“COP-28” maslahatynyň çäklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlanan dürli çäreler guralar.  Şu gün «Dubai EXPO City» sergiler merkeziniň çäginde ýerleşýän «Al Waha» teatrynda Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldady. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär.

Nuraly Hudaýberdiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok