Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we Söwda-senagat palatasynyň wekilleri Bütindünýä Halal sammitiniň çäginde Yslam hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 23–26-njy noýabrynda Stambulda geçirilen «Halal Expo – 2023» halkara sergisine gatnaşdy.
Dünýäde «Halal» senagatynyň harytlarynyň öňdebaryjy sergisi bolan «OIC Halal Expo» her ýyl bir meýdançada giň hünärmenler köpçüligini: işewür toparlaryň wekillerini, öndürijileri we ýerleýjileri, «Halal» pudagynyň hünärmenlerini we köp ýurtlaryň ýöriteleşdirilen KHS-siniň işgärlerini ýygnaýar. Oňa gatnaşmak halal pudagyň wekillerine hyzmatlaryny we önümlerini ýerlemäge, şeýle hem bu pudaga söwda we maýa goýumlaryny artdyrmaga täze mümkinçilikler berýär.
Sergä dünýäniň azyk önümlerini, iýmit tehnologiýalaryny, kosmetika, derman, dokma we şuňa meňzeşleri öndürýän öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşýarlar. Esasy sergi toparlaryna iýmit, saglyk we bedenterbiýe, et, guş we deňiz önümleri degişlidir. Sergä bolan gyzyklanma yslam bankçylygy we halal syýahatçylyk bilen baglanyşykly pudaklar tarapyndan-da hasaba alynýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl Stambulyň sergi merkezinde 40-dan gowrak ýurtdan 500 töweregi kompaniýanyň halal önümleri görkezildi. «Halal Expo – 2023»-e Türkmenistandan gatnaşanlara öz mümkinçiliklerini görkezmäge, işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we halal önümlerini dünýä eksport edýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Aýperi AMANMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler