Uzynada käniniň täze guýularyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy

«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirliginiň amala aşyran buraw işleriniň netijesinde Uzynada käniniň 78-nji we 82-nji guýularyndan degişlilikde 6655-6659 we 6654-6658 metr  çuňlukdan gaz kondensatynyň täze akymy alyndy.

Şeýle hem Körpeje buraw işleri müdirligi Uzynada käninde №74 guýuda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Ol ýerde 6662-den 6668 metr aralykda gaz kondensatynyň akymy alyndy. Häzirki wagtda 76-njy we 83-nji guýulary işläp taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Uzynada käni Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň netijeli we üstünlikli işiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Geljegi uly bu käni özleşdirmek boýunça ilkinji işler geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlandy. Emma, buraw işleri 4213 metrde tamamlandy, çünki uglewodorod plastlary ýüze çykarylmady.

Eýýäm, 2015-nji ýylda alym-nebitçileriň we geologlaryň ygtybarly hasaplamalaryna esaslanyp, taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji synag guýusyny burawlamak kararyna gelindi. Iki ýyllap yzygiderli işiň netijesinde 6689-6695 metrden uglewodorodlaryň kuwwatly akymy alyndy. Soňra ýene-de iki sany burawlandy, olar hem oňyn netije berdiler.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Marynebitgazgözleg ekspedisiýasynyň hünärmenleri Uzynada meýdançasynda №11 gözleg guýusyny burawladylar. Geçirilen tejribe işleriniň netijesinde aşaky plastlardan uglewodorodlaryň kuwwatly akymy alyndy.

Sultanmyrat SAHATOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok