Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 2023-nji ýylda neşir edilen 202-nji sanynyň 20-nji – 31-nji sahypalarynda meşhur türkmen ýazyjysy Kömek Kulyýewiň «Ak öýli» («Ak evli») hekaýasy türk dilinde neşir edildi.
Kömek Kulyýewiň beýik türkmen soltanlary Togrul begiň we Çagry begiň beýik şahsyýetini, manyly ömür ýoluny çeper beýan edýän «Ak öýli» hekaýasyny türkmen dilinden türk diline terjimeçi Hüseýin Ýyldyrym terjime etdi.
Ýöne, gynansak-da, halypa ýazyjy Kömek Kulyýewe «Ak öýli» («Ak evli») hekaýasynyň Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 202-nji sanynyň 20-nji – 31-nji sahypalarynda türk dilinde neşir edilenini görmek bagty miýesser etmeýär. Çünki, ýurdumyzda we tutuş türki dünýäsinde giňden tanalýan belli ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew 2023-nji ýylyň 5-nji noýabrynda, 68 ýaşynyň içinde aradan çykdy, Tanymal türkmen ýazyjysynyň biwagt aradan çykmagy diňe bir türkmen edebiýaty üçin däl, eýsem tutuş türki dünýäsiniň
Türkmendebiýaty üçin hem, diýseň uly ýitgi boldy. Bu barada Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, «Kardeş kalemler» («Gardaş) galamlar») halkara žurnalynyň baş redaktory, «Bengü yayınları» neşirýatyny esaslandyryjy, meşhur türk ýazyjysy Ýakup Ömerogly özüniň örän çuňňur gynanjyny beýan edip: «Türkmen ýazyjysy Kömek Kulyýewiň aradan çykmagy meni, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň agzalaryny, «Kardeş kalemler» («Gardaş) galamlar») halkara žurnalynyň döredijilik toparyny, «Bengü yayınları» neşirýatynyň işgärlerini diýseň gynandyrdy. Merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun.
Kömek Kulyýewe Alladan rehmet dileýärin. Biz meşhur türkmen ýazyjysynyň «Ak öýli» («Ak evli») hekaýasyny türk dilinde «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 202-nji sanynyň 20-nji – 31-nji sahypalarynda çap etdik. Biz soňky wagtlarda Kömek Kulyýewiň kitabyny türk diline terjime edip, «Bengü yayınları» neşirýatynda türk dilinde kitap edip çykarmagyň üstünde işleýäris. Biz aslynda Kömek Kulyýewi begendirip, özümiziň onuň döredijiligine goýýan çäksiz hormatymyzy tanymal türkmen ýazyjysynyň özüne aýan etmek isleýärdik. Ýöne, gynansak-da, Kömek Kulyýewiň «Kardeş kalemler» («Gardaş) galamlar») halkara žurnalynda çykan «Ak öýli» («Ak evli») hekaýasyny-da, ýakyn wagtda «Bengü yayınları» neşirýatynda türk dilinde neşir ediljek hekaýalar ýygyndysy kitabyny-da görmäge ömri ýetmedi.
Kömek Kulyýewiň aradan çykmagy bütin türk dünýäsiniň edebiýaty üçin öwezini dolup bolmajak ýitgidir.Kömek Kulyýewe Alladan rehmet dileýärin. Merhumyň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun» diýen sözleri dile getirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») žurnalynyň baş redaktory Ýakup Ömerogluna we türki halklaryň ýazyjy-şahyrlary üçin niýetlenilen bu halkara neşiriniň döredijilik işgärlerine türkmen ýazyjysy Kömek Kulyýewiň edebi mirasyna goýýan çäksiz hormatlary üçin türkmen okyjylarynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.
Toýly JÄNÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.
Teswirler