Aşgabatda “Geýdar Aliýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly konsert geçirildi

Sişenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu mejlise Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.

Mejlisde iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda nebitgaz, dokma, azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, derman senagaty, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek dogursynda maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde birnäçe aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.

Günüň ahyrynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň milli Lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Geýdar Aliýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly konsert geçirildi.

Bu forumda azerbaýjan-türkmen hökümetara komissiýasynyň egindeş başlyklary – Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Türkmenistanyň resmi şahslary, daşary ýurtlaryň ilçileri, şeýle-de jemgyýetçiligiň we KHBS-iň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar Aşgabatda gurnalan “Geýdar Aliýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly surat sergisi bilen hem tanyşdylar.

Aknur Italmazowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok