Saçak keramata, mukaddeslige deňelýär. Saçak egsilmez berekediň çeşmesidir, bitewiligiň, agzybirligiň nyşanydyr. Çünki biz oňa Güneşe çalymdaş mele-myssyk çöregi dolaýarys. Saçagy mukaddeslige deňeýän pederlerimiz onuň başynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny hem döredipdirler. Türkmençilikde çagyrylmazdan öň saçak başyna gelmeklik, saçak başynda eliňi ýere diräp oturmaklyk, nahary çep eliň bilen iýmeklik halanylmaýar. Bu talaplar dürli yrymlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen ýaş nesillere öwredilipdir. Saçak başynyň kadalary perzentleriň ýaşlygyndan gursagyna guýlup, aňyna berk ornap, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimizde-de derwaýyslygyny ýitirmän gelýär.
Saçak dokalanda, aýyň, günüň hasabyna seredilýär. Ýyldyzyň asmanda ýa-da ýerdedigine ähmiýet berilýär. Sähetli gün saçak dokalyp başlananda, öýde ýagşylygyň söhbedi edilýär, birek-birege gowulyk, rysgal-bereketlilik niýetlenilýär. Saçak dokalanda, düýäniň «torum gapdaly» diýen nepis ýüňi saýlanyp alynýar.
Saçagy dokanlarynda gelin-gyzlarymyz ilki ýüňi arassalap, tüýdüp, soňra darap, egrip, bükdürip, ýumak edipdirler. Soňra taýýar bolan düýe ýüňüniň ýumagyndan saçak dokapdyrlar. Ýüp näçe inçe, berk, gowy hilli egrilip, bükdürilen bolsa, saçagam şonça berk hem nepis bolupdyr. Dokalan zolak-zolak insizje bölekler inçe düýe ýüň sapagy bilen çatylyp, berkidilipdir. Gerek ululykdaky saçagyň dört burçuny deňänsoňlar, gyrasyna ýörite dokalan ýüp, alaja tutupdyrlar, saçagy degişli bezegler bilen bezäpdirler. Taýýar bolan saçagyň iç ýüzüne içlik tutulyp ulanylýar. Saçak milliligimiziň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup, häzirem biziň durmuşymyza berk ornaşdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan saçagyň her bir öýüň töründe keramat derejesinde orny bar.
Çemen HUDAÝBERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 56-njy orta mekdebiniň
matematika mugallymy.
Teswirler