Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde (COY18) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna Türkmenistandan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdy. Bu çäre esasy konferensiýanyň – BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (COP28) ýyllyk konferensiýasy, 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçiriljek konferensiýanyň öňüsyrasynda guraldy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (YOUNGO) ýaşlar guramalarynyň resmi korpusynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Dünýäniň dürli künjeklerinden bolan müňden hem gowrak ýaşlar halkara klimat syýasaty barada pikir alyşmak üçin ýygnady. Şu ýyl konferensiýa üç esasy ugura gönükdirildi: syýasat resminamalary, mümkinçiligi ýokarlandyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maslahatlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar konferensiýasynda köpçülikleýin klimat syýasaty babatynda ýaşlaryň tekliplerini jemleýän bütindünýa beýannama kabul edildi.
Mähri JUMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler