Sport bilen meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlar üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Edil şonuň ýaly sporty özüne kär saýlanlar üçinem ol sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ýeňişiň, üstünligiň açary diýsek dogry bolar. Sport dünýä halklaryny biri-birine dogan edýär. Her geçirilýän dünýä çempionatlarynda, ýaryşlarda dürli halklaryň türgenleri biri-biri bilen didarlaşýar, pikir alyşýar, dostlaşýar. Sport bilen meşgullanýanlar dünýäniň kän ülkesini görmek bagtyna miýesser bolýarlar.
Sözümiziň mysalyny owadan paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilýändigi hasam aýdyň subut edýär. Dünýäniň ençeme döwletlerinden gelen wekilleriň türgenleriň biziň ata Watanymyzda myhman bolmagy dünýä halklarynyň türkmen iliniň myhmansöýerligine ýene bir ýola göz ýetirmegine sebäp bolýar. Türkmen türgenlerimiziň Watanymyzyň baýdagyny belentde parladyp altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolmagy her birimize aýratyn buýsanç eçilýär.
Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna talyp ýaşlaryň gatnaşyp şowhun bilen türgenlerimizi goldamagy, dabaranyň guramaçylyk hem uly joşgun bilen açylyp tutuş çempionatyň dowamynda şol joşgunyň dowam edýändigi myhmanlarymyzda hem ýakymly täsirler galdyrandygyna ynanýarys.
Daşary ýurtlaryň haýsysynda myhman bolsaň türkmen adyny olaryň aglabasy ýakymly ýatlamalar bilen ýatlap gadyrly garşy almagy hem bu günki myhmansöýerligimiziň hem ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan dünýä nusgalyk adyl syýasatynyň miwesidir.
Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda türkmen türgenlerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamlaryny ödäp kän ýeňişler gazanyp Watanymyzyň baýdagyny belentde parlatmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Üstünlik ýaranyňyz bolsun türkmen türgenleri!
Zübeýda ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.
Teswirler