Türkmen halkynyň şygryýet dünýäsi barada aýdylanda, ilkinji nobatda, türkmen şahyry, dana Magtymguly Pyragynyň ady göz öňüňe gelýär. Akyldar şahyryň adamkärçilik, watansöýüjilik, batyrgaýlyk, päk ahlaklylyk, tebigat we onuň gözelligi baradaky şygyrlary ynsan kalbyny joşdurýar, ynsanlyk duýgulary oýarýar. Şahyryň giň many-mazmunly şygyrlary ýokary estetiki garaýyşlara eýe bolup, dünýä akyl ýetirmegiň mümkindigini öňe çykarýar.
Şahyryň:
Janym biziň, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň
diýip, başlaýan goşgy setirlerinde Garaşsyz Watanymyzyň tebigaty, onuň gözelligi wasp edilýär. Goşgydaky beýan edilýän setirleriň many-mazmuny diňe bir tebigat bilen baglanyşykly däl, eýsem, onda küren tutan iller, Beýik ýüpek ýoluny ýatlatýan kerwen ýollary, umuman, Türkmen topragynyň gözel ýerleriniň ilaty hakynda wasp edilýär.
Mundan başgada Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki goşgular ýygyndysynyň ençeme döwletlerde çap edilendigi bellärliklidir. Ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek üçin uly taýýarlyk görülýär.
Daýanç Agamedow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň
I ýyl talyby.
Teswirler