Iň gadymy saz gurallary

Aýdym-saz ilkinji adamlar peýda bolan döwürlerde ýüze çykdy diýlip hasaplanylýar. Onuň dilden aýdylýan görnüşi, ýagny aýdym ata-babalarymyzyň döwründen bize miras galandyr. Häzirki zaman alymlary aýdym-sazyň, takmynan, 50000 ýyl töweregi wagtdan bäri adamzadyň durmuşynda bolandygyny tassyklaýarlar. Indi bolsa aýdym-saz adamyň ýüregine ornaşyp, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Saz gurallarynyň iň köne nusgasy Germaniýada geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy. Ol saz guraly miladydan öňki 35000-4000-nji ýyllara degişli bolan heýkelleriň gapdalyndan tapyldy we ol tapylan saz guralyna häzirki wagtda ,,tüýdük’’ diýilýär. Onuň galyňlygy 8 millimetrden geçmeýär we uzynlygy bolsa 21,8 santimetr, saz çalýarkaň barmaklar bilen ýapylýan 5 sany deşijegi bolupdyr.

Arheologlar häzirki Moldawanyň we Wengriýanyň çäginde paleolit döwrüne degişli bolan gadymy saz gurallarynyň başga bir galyndysyny – twitter we tüýdükleri tapmak bagtyna eýe boldular. Hytaýyň iň gadymy gurallarynyň biri bambukdan ýasalan tüýdükdir. Däp bolşy ýaly, Hytaýda gurallar ýasalan materiallaryna görä toparlara bölünýär eken. Daşdan, agaçdan, deriden, bambukdan we palçykdan ýasalan gurallar henizem bar. Hindistanda aýdym-saz tans bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýer saz teatrynyň doglan ýeri hasaplanylýar. Hindistanda tapylan iň gadymy saz guraly, 3000 ýyllyk bazalt litofondyr.

Müsür, Gresiýa, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý ýaly gadymy swilizasiýalar saz we saz gurallarynyň ösmegine ägirt uly goşant goşdular. Gadymy Müsürde aýdym-sazyň bardygynyň subutnamasy papirusda we mazar diwarynda ierogliflerde ýazylan sözlerdir. Olar üçim meşhur mowzuklar Hudaýyň wasplary we aýallaryň ölüler üçin aglaýan aýdymlarydy. Saz, esasan, dini häsiýete eýe bolupdyr. Wawilonda ruhanylaryň ýerine ýetiren ybadathana sazy we gul sazandalarynyň ýerine ýetiren dünýewi aýdym-sazlary hem güýçli depginde ösdi.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok