Gadymy dünýäniň ýedi täsinligi ýa-da dünýäniň ýedi täsinligi – iň meşhur binagärlik desgalarynyň sanawydyr. Ol iň meşhur şahyrlary, filosoflary, generallary, beýik patyşalary, şeýle hem binagärlik we sungat ýadygärliklerini öz içine alýar. Meşhur akyldarlaryň ýygyndylary, anektodlar we täsin hekaýalar ýygyndysy ýaly , dünýäniň ýedi täsinligi baradaky ýazgylar gadymy döwürde meşhur bolup, iň beýik, tehniki taýdan iň ajaýyp binalaryň we we sungat ýadygärlikleriniň beýanydyr.
Dünýäniň ýedi täsinligi hakdaky ýatlamalar grek ýazyjylarynyň ýazgylarynda ellinizm döwründen başlanýar. Bir Müsürli papirusyň tekstinde meşhur kanun çykaryjylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, binagärleriň, oýlap tapyjylaryň, soňra iň uly daglaryň, derýalaryň we ahyrsoňy dünýäniň ýedi täsinliginiň suratlary ýerleşdirilendir.
Dünýäniň täsinlikleriniň sanawynyň ilkinji belli nusgasy Gerodotyň ýazgylarynda beýan edilýär. Gerodotyň nusgalarynda üç sany täsinligiň hemmesi Samos adasynda ýerleşýärdi. Ondan soňky döwürlerde bu sanaw esasynda dürli attraksion sanawlaryny döretmek üçin birnäçe gezek synanyşyk edildi. Şeýlelik bilen, biziň eramyzyň I asrynyň ahyrynda Rim şahyry Martial täze gurlan Rim Kolizeýini bu sanawa goşdy. Soňra, 6-njy asyrda hristian teology we ýyl ýazyjysy Gregori bu sanawa Nuh pygamberiň gämisini we Süleýman ybadathanasyny goşdy. Mundan başgada ýene-de beýleki ýadygärlikler hem bu sanawa goşuldy. Emma olaryň ýykylyp, ýok bolup gidendigi sebäpli, olar indi ,,Dünýäniň ýedi täsinliginiň’’ sanawyna girmeýärler.
Häzirki wagtda dünýäniň ýedi täsinliginiň sanawyna Rim Kolizeýi, Täçmahal, Uly Hytaý diwary, Hristiň heýkeli, Petra şäheri, Çiçen- Isa we Mçu-Piku girýär.
Aýgül ALTYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň talyby.
Teswirler