Azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady

Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda “Agro-Pak Türkmenistan – 2023” ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkiýäniň “Sofuar” kompaniýasy bilen bilelikde gurnaýar.

Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gollandiýanyň, Russiýanyň, Eýranyň we beýleki onlarça daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hem-de önümlerini hödürleýärler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilýän bu sergi 30-njy noýabra çenli dowam eder.

Tirkişmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok