Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Diýarymyzyň häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligini artdyrmaga uly orun berilýär. Ýurdumyzda birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp mukdarda maýa goýumlarynyň goýulmagy esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär. Bu möhüm ähmiýetli wezipeler ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde möhüm ugur bolup, sanly ykdysadyýete esaslanýan bazar ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmaga uly itergi berýär. Maýa goýum Maksatnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzüm bölegidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda senagat pudaklarynyň ýokary derejede ösdürilmegine, innowasion ugurly bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giňden ýola goýulmagyna, eksport maksatly önümçilikleriň döredilmegine ýol açýar. Şeýle-de ol suw serişdelerinden tygşytly peýdalanylmagyna, ykdysady toplumlaryň önümçiliginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ençeme täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş goraglylygynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Milli ykdysadyýetiň pudaklaryna hem-de durmuş ulgamyna serişdeleriň goýberilmegi durmuş meseleleriniň netijeli çözgüdini tapmaklyga ýol açýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda zähmet haklaryny artdyrmak, önümçilik kärhanalaryny we beýleki binalary gurmagyň hasabyna ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap hassahanalary, çagalar baglaryny, orta we ýokary okuw mekdepleri, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlary gönükdirmek babatda maksatnamalaýyn işler utgaşykly alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmakda maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň üns merkezinde saklanylmagy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna kärhanalaryň işiniň ýokarlanmagy bellärliklidir. Bu bolsa maýa goýum syýasatyna oňyn täsirini ýetirmek bilen, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň dowamlylygyny üpjün edýär. Döwletiň sanly ykdysady ösüşiniň ilerlemegi döwrebap maglumat-kommunikasiýa, sanly tehnikalar we tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de sanly ykdysadyýete geçmegi goldamakda möhüm orny eýeleýän netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmagy talap edýär. Maýa goýumlary çekmek zerurlygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meselelerde hem aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň maýadarlary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça zerur çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Munuň özi maýa goýumlaryň ykdysady netijeliligini ýola goýmaga, girdejilerini artdyrmaga niýetlenendir. Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen birlikde, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Begmyrat GELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň III ýyl talyby,
Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.
Teswirler