24-nji noýabrda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Awtoulaglary öndürijileriniň halkara guramasynyň, Halkara söwda merkeziniň, BSGG-niň, Ýewropanyň welosiped sürüjileriniň federasiýasynyň, Halkara demir ýol birleşiginiň, Halkara jemgyýetçilik ulaglarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem birnäçe ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu çärä türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ýurdumyzda ulag pudagyna degişlilikde alnyp barylýan içerki we daşarky syýasat barada, hususan-da Türkmenistanyň dünýä ulag ulgamyna netijeli girişmegi üçin milli ulag insfrastrukturasynyň yzygiderli esasda kämilleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy barada, şeýle hem ilatyň gündelik durmuşyna ulagyň häzirki zaman we ekologiki taýdan arassa görnüşleriniň girizilmegi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň elýeterliliginiň üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýdyp geçdi. Bu babatda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Maksatnamasy barada aýratyn bellenildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Bütindünýä durnukly ulag güni şu ýyl ilkinji gezek bellenilýär. Baýramyň senesi, ýagny 26-njy noýabr, Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen we BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda kabul edilen kararnamasy esasynda döredildi.
Gunça ORAZBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
hindi dili hünäriniň talyby.
Teswirler