Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Eziz Diýarymyza ÝUNESKO-dan gelip gowşan bu hoş habar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň ýene bir ykrarnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr». Türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň baý edebi mirasy dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun eýeleýär.

Magtymgulynyň arzuwlan döwletini — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen bütin dünýä tanaýar. Bu günki gün türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymgulynyň pähim-paýhasy nur saçýar. 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljekdigi halkymyzy buýsandyrýar. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyra goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Aýgül MERGENOWA,

Aşgabat şäheriniň 56-njy orta mekdebiniň
biologiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok