“Google”-yň paýlaşan maglumatlaryna görä, “howanyň aladasy” boýunça onlaýn gözlegler şu ýyl gaty ýokarlanypdyr. Bu ugurdaky ylmy gözleglere görä, zenanlara howanyň aladasy erkeklere garanyňda has köp täsir edýär.
Bütin dünýäde ýangynlaryň, suw joşmalarynyň we gurakçylygyň köpelmegi klimat krizisiniň görünýän täsirleriniň biridir. Görünmeýän bölegi bolsa klimat krizisiniň adam aňyna edýän täsiridir.
Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gaýgy alada dünýäde esasanam çagalarda we ýaşlarda köp görülýär. “Google Trends”-iň maglumatlaryna görä, “howanyň aladasy” bilen baglanyşykly gözleg soraglary ep-esli artypdyr.
2023-nji ýylyň ilkinji on aýynda “Google”-da “howanyň aladasy” baradaky gözleg soraglary, 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 esse ýokarlanypdyr.
“Google Trends” maglumatlary köplenç täzelenip durýar. Gözleg edilende “howanyň aladasy” we “eko-alada” ýaly adalgalar “Google Trends” tarapyndan aýratyn hasaba alynýar.
Aýgül TÄÇMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler