Böwürslen

Ýer ýüzünde gyrymsy agaçlaryň birnäçe görnüşleri duş gelýär. Olaryň biri hem, özüniň tagamly miwesi, jana şypa beriji ýapraklary we kökleri bilen köplere özüni tanadan böwürslen agajydyr. Bu gyrymsy agaçlara esasan, dag gerişlerinden akyp gaýdýan suw çeşmejikleriniň ýakalarynda duş gelmek bolýar.

Böwürsleniň üýtgeşik tagamy adamlary özüne maýyl edýär. Böwürslen agajy diňe öz miweleri bilen däl, eýsem, özüniň şypa berijilik häsiýetleri bilen hem bellidir. Böwürslen glýukoza, fruktoza, С witaminine, karotine, organiki turşulyklara we tokoferollara baýdyr. Bu miwäni täze, ter görnüşinde kabul etmekden başga-da, ondan mürepbe hem taýýarlaýarlar. Böwürslenden taýýarlanan demlemeler, melhemlik çaýlar ynsan saglygy üçin has-da peýdalydyr.

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi bolup, ýurdumyzda 3 görnüşi: garrygala böwürsleni, anatoliý böwürsleni, gülgüne (gögümtil) böwürslen duş gelýär. Böwürsleniň miwesi adam saglygyny dikeltmekde we ony gorap saklamakda örän ähmiýetlidir. Süýji keselinden ejir çekýän adamlara böwürsleniň miwesini iýmeklik has-da peýdaly bolar. Onuň düzümindäki bioflawonoidler antioksidant hökmünde täsir edip, gan damarjyklaryň diwarlaryny berkidýär we С witamininiň täsirini güýçlendirýär. Öý hojalyklarynda böwürsleniň miwesinden örän tagamly mürepbe taýýarlanylýar.

Aýhan TÄJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok