Türkmen wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy

24-nji noýabrda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmen tarapynyň çykyşynda SPEKA-nyň ilkinji Sammitiniň gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynda sebiti durnukly we yzygiderli ösdürmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň berk we netijeli gurallaryny döretmäge, mynasyp, deňhukukly, gymmatly hyzmatdaş hökmünde sebiti ählumumy proseslere utgaşdyrmak üçin amatly şertleri we görnüşleri emele getirmäge gönükdirilen ýene bir möhüm tapgyra öwrülendigini aýtdy.

Şeýle hem, türkmen tarapy, 2023-nji ýyldaky SPEKA günleriniň möhüm ädimi hökmünde, BMG-niň howandarlygynda sebitleýin maksatnamanyň has ýokary derejede işlemegini üpjün edýän maliýe guraly bolan SPEKA-nyň Ynam gaznasyny döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary öňe sürmegi hasaplaýar.

Türkmenistanyň hukuk gurallaryny we BMG-niň ülňülerini ulanmak arkaly, multimodal maglumatlaryň we Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrundaky resminamalaryň alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin Ýol kartasyny tassyklamak çözgüdini hem goldaýandygy bellenildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan, 2024-2025-nji ýyllar üçin SPEK-nyňA iş meýilnamasyny durmuşa geçirmekde, şol sanda tematiki iş toparlarynyň işine, şeýle hem ösüş hyzmatdaşlary bilen has netijeli we işjeň gatnaşmagy goldaýar we işjeň hyzmatdaşlyk eder.

Gülnur ESENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
hindi dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok