«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň hünärmenleri şu ýylyň geçen döwründe 436 sany nebitgaz guýusyny düýpli abatladylar. Bu meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 70 guýy köpdür.
Abatlaýyş işleriniň köpüsi «Goňurdepe», «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» ýataklarynda amala aşyryldy. Abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we gazyp alyş işiniň döwrebaplaşdyrylmagy “gara altynyň” önümçiligini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi. Ady agzalan guýularyň müdirlikleri tarapyndan ýylyň başyndan bäri 176 müň tonna nebit gazylyp alnyp, bu görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulandan 13 müň tonna golaý köpdür.
«Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna iki esse artygy bilen hötde gelendiklerini bellemek gerek.
Wepa BORJAKOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler