Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlary Döwlet muzeýine gezelenç etdiler

Düýn Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlaryny paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerini bilen tanyşdyrmak üçin gezelenç guraldy. Myhmanlar günüň ikinji ýarymynda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, bu ýerde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu barada medeniyet.gov.tm habar berýär.

Dürli ýurtlara wekilçilik edýän myhmanlar ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyş edildi.

Daşary ýurtly tälimçiler, türgenler we hünärmenler taryha baý Diýarymyzyň dürli ýerlerinde geçirilen arheologik barlag işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar, gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän ajaýyp halylar we haly önümleri, gymmat bahaly metallardan ýasalan şaý-sepler barada gyzykly we täsin maglumatlar berildi.

Muzeýe guralan gezelençde türkmen durmuşyny şöhlelendirýän suratlar, dürli taryhy döwürlerde döredilen sungat eserleri, nakgaşçylyk önümleri, heýkeller myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Gezelenç maksatnamasy «Aşgabat» kinoteatrynda myhmanlara «Kämillige ýol» atly kinofilmiň görkezilmegi bilen jemlendi.

Enebaý Ataliýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok