Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek maslahata Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary ýurtlar, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär. Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýörite maslahata guramaçylykly taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden hem-de abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň – lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Aýnagül SÜLEÝMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok