«Türkmenhowaýollary» – «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşy boldy!

«Türkmenhowaýollary» Germaniýanyň «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada nemes kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi.

«Dünýäniň 190 bazaryndaky syýahat agentlikleri petekleri bron etmegiň adaty amallaryny ulanyp «Türkmenhowaýollarynyň» üsti bilen ýüklerini iberip we «HR-169» çökgünlikden goramak resminamasy boýunça kompaniýanyň peteklerini satyn alyp bilerler» diýlip, habarda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, «H1» kody boýunça Pekin (PEK), Deli (DEL), Dubaý (DXB), Frankfurt (FRA), Stambul (IST) we Kazan (KZN) ýaly halkara ugurlara petekler satylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Türkmenhowaýollary» häzirki wagtda 1 döwlete 20 ugur boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýar.

Bägül BAÝRAMGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok