Päkistanyň Yslamabat şäherinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçiriler

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy we hä­zir­ki za­man­da halk­la­ryň dost­lu­gy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da me­de­niyet.gov.tm ha­bar ber­ýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli medeniýetimiziň, tanymal şahsyýetlerimiziň sarpasy belentde tutulýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem Gündogar halklarynyň nusgawy şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, eserleri häzirki we geljekki nesiller üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.Ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemeklige taýýarlyk işleri uly depginde alynyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan Karary bilen «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­na» laýyklykda geçiriljek ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşar. Olar 24 – 28-nji noýabr aralygynda Päkistan Yslam Respublikasynda saparda bolarlar.

Mähri Bekiýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki
we ulag kommunikasiýalary institutynyň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok