Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilindäki täze kitaby neşir edildi

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara «Magtymguly Pyragy — azerbaýjan edebiýatynda» ady bilen geçirilip, şygyr äleminiň ussady bolan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň eserlerini halkara derejesinde wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde doganlyk Azerbaýjan halkynyň edebiýatynda tutýan orny, iki ýurduň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklary ösdürmek, akyldar şahyryň eserlerinde ynsanperwerlige ýugrulan garaýyşlar dogrusynda, onuň şygyrlaryndaky çeperçilik aýratynlyklary we terjime edilişi dogrusynda pikir alyşmalar we maglumatlar beýan edildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has içgin öwrenmek ony dürli dillerde terjime etmek maksady bilen türkmen we azerbaýjan alymlary edebiýatçylary tarapyndan birnäçe eserler döredildi. Olara belli azerbaýjan terjimeçisi Ramiz Askeriniň «Magtymguly Pyragynyň seçilen eserleri» atly şygyrlar ýygyndysy, 2013-nji ýylda azerbaýjan dilinde neşir edilen, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Annagurban Aşyrowyň «Mahtumkuli Feragi» atly ýygyndysy, 2014-nji ýylda türkmen alymlary Rahymmämmet Kürenow bilen Rahmanberdi Godarow tarapyndan iki dilde terjime edilen «Diwan» atly kitaplary we başgada birnäçe eserleri bellemek bolar.

Maral Baýramgeldiýewa,
Aşgabat şäherindäki 60-njy orta
mekdebiniň rus dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok