Türkmenistan MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22 — 25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar.

Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça Aziýa ösüş banky tarapyndan guralan bu çäräniň maksady bilim we tejribe alyşmak, torlary döretmek we innowasiýa çözgütleri taýýarlamak hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça mehanizmleri gözlemek üçin meýdançany üpjün etmekden ybarat. Üç günüň dowamynda sammite gatnaşyjylar sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjylary, syýasatçylar we telekeçiler bilen duşuşmaga mümkinçilik alarlar.

Gün tertibine pudak ýolbaşçylarynyň esasy çykyşlaryndan başlap, dürli pikirleri beýan etmek üçin ähli çekişmeler girýär. Bölümlerdäki maslahatlar içgin gepleşiklere we ýöriteleşdirilen temalary has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berer.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu çäre 23-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek ikinji sanly dünýä söwda sergisiniň 2023-nji ýyldaky goşmaça çäresi hökmünde guraldy. 100 müň inedördül metrlik sergi meýdançasynda 800 kärhana görkeziler.

Gözel HOJAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok