Rak keseliniň öňüni alýan süýt

Eşek süýdi beýleki süýtlerden ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Gadymy Müsürde tebigy taýdan bejermek we ideg etmek üçin sarp edilýän eşek süýdi, häzirki wagtda süýdüň iň köp sarp edilýän görnüşlerinden biridir. Esasanam, kosmetika pudagynda duş gelýän eşek süýdüniň saglyk we gözellik taýdan köp peýdasy bar.

100 millilitr eşek süýdünde takmynan 42 kaloriýa bar. Ýeňil siňýän aýratynlygy bolan eşek süýdüni sygyr süýdüne allergiýasy bolanlar aňsatlyk bilen içip bilerler. Omega 3 we Omega 6 ýag kislotalaryna-da baý bolan eşek süýdünde natriý, kaliý, kalsiý, fosfor, sink, magniý, A, B2, B1, E, C we belok ýaly minerallar bar.

Içindäki laktoferrin maddasynyň kömegi bilen mikroblara we çişmä garşy täsirleri bar. Antioksidant häsiýetine eýe bolan eşek süýdi, bedeniň immunitetini güýçlendirýär we kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Eşek süýdi düwnük öýjükleriniň döremeginiň öňüni alýar we emele gelen öýjükleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Süňk we diş ösüşini goldaýar.

Içindäki linoleý ýag kislotalarynyň kömegi bilen iýmit siňdiriş ulgamynyň yzygiderli işlemegine kömek edýär we iç gatamagy, çişme we gaz ýaly meseleleriň öňüni alýar. Deriniň kollagen dokumasyny berkitmäge kömek edýär.

Içindäki immunoglobuliniň kömegi bilen eşek süýdi immuniteti güýçlendirýär we kesel ýokaşma howpuny peseldýär. Dünýäde giňden ýaýran inçekesel we bokurdak ýokançlygynyň öňüni almaga kömek edýär. Demgysma we dem alyş ýollarynyň keselleriniň öňüni alýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, eşek süýdüni içegäniň düwnük keselini, öýken ragyny, aşgazan düwnük keselini, bagyr we beýleki köp sanly rak keselini bejermekde goşundy hökmünde ulanyp bolýar.

Resul MUHAMMETNAZAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok