92 göterimi suwdan ybarat bolan garpyz, az mukdarda energiýa berýär. 100 gram garpyz bedeni takmynan 30 kilokaloriýa energiýa bilen üpjün edýär. Garpyz karotinoidlere örän baýdyr. Karotinoidleriň, esasanam likopeniň we beta karotiniň we aminokislotanyň möhüm görnüşi bolan sitruliniň gymmatly çeşmesi bolany üçin, saglyga örän peýdalydyr.
Witaminlere, minerallara we antioksidant iýmitlere baý bolan garpyz, bu aýratynlygy sebäpli bedene saglyga örän peýdalydyr. Diňe garpyz bu artykmaçlyklary almakda täsirli bolmasa-da, sagdyn we deňagramly iýmit meýilnamasyna garpyz goşup, bu oňyn täsirlerden peýdalanyp bolýar.
Halkara gözleg guramasy, garpyzyň bedeniň temperaturasyny we gan basyşyny peseltmekde täsirlidigini ýüze çykardy. Suwsuzlygyň öňüni almak üçin günde azyndan 2 litr suw içmeli. Diuretik täsiri we bedenden çykýan suwy bolan çaý we kofe ýaly içgiler bu mukdara goşulmaly däldir. Suw sarp etmekden başga-da, garpyz ýaly suwy köp bolan iýmitiň sarp edilmegi hem suwsuzlygyň öňüni almak üçin möhümdir.
Garpyz, diuretik aýratynlyklara eýedir. Şeýlelik bilen, ýygy-ýygydan peşew çykaryp biler. Şonuň üçin garpyz tomus aýlarynda ödem meselesi bolanlar üçin gowy iýmitdir. Garpyzdaky A we C witaminleri sagdyn derini goraýar. C witamini deriniň ýumşak we güýçli bolmagyny üpjün edýän belok bolan kollagen önümçiligini ýokarlandyrýar. A witamini deri öýjüklerini emele getirmäge we bejermäge kömek edýär. Şeýle hem tomsuň yssy aýlarynda bedeniňizi nemlendirmäge kömek edýär.
Esasanam garpyzyň gyzyl içki böleginde ýokary likopen bar. Likopen, gaty güýçli antioksidant, öýjükleri goramaga we toksinleri aýyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da, antioksidantlar zyýanly erkin radikallary zyýansyzlandyryp, süýji keselinden, ýürek kesellerinden we rak keselinden goraýar. Şeýle hem immunitet ulgamyny güýçlendirýär.
Röwşen ANNAMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler