Ýyldyrym çakmagynyň ugruny üýtgetýän tehnologiýa

Tehnika tehnologiýanyň barha ösýän döwründe dünýäde ylym pudagynda ençeme açyşlar edildi. Häzirki wagtda alymlar hat-da lazer arkaly ýyldyrymyň ugruny üýtgetmegi başardylar.

Alymlar gökýüzinde güýçli lazer yşgyny ulanmak arkaly 60 metre çenli ýyldyrymyň ugryny üýtgetmegi başardylar. Täze çykan bu tehnologiýa ýyldyrym urmalary arkaly ýüze çykýan adam pidalaryndan başgada
ýyldyrymyň ýüze çykarýan betbagytçylyklarynyň öňüni almak maksady bilen döredildi.

Halkara bilermenler bu tehnologiýany barlagdan geçirmek üçin Şwesiýariýanyň 2 müň metr beýikligindäki Santis dagynyň depesine çykardylar.

Bilermenler we bu ylmy işi alyp baryjy alym lazer ulanmagyň tä 70-nji ýyllara daýanýanlygyny aýtýar. Emma häzirki lazerler öňkilere garanyňda 100 esse güýçli bolanlygy sebäbi ýyldyryma täsir etme ähtimallygy has ýokary hasaplanylýar.

Aziza Täjiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň
2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok