Türkmen wekiliýeti Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) Baş Assambleýasyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Atly sportunyň Halkara federasiýasyna (FEI) agza bolan dünýäniň 136 döwletiniň Atly sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu Baş Assambleýada atly sportuň görnüşleriniň düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de (FEI) Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň dürli komitetleriniň we dolandyryş müdiriýetiniň täze agzalaryny saýlamak boýunça ýygnak geçirildi. Mundan başga-da dünýäde atly sport we atçylyk boýunça gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi.

Atly sportuň Halkara federasiýasyna agza bolan daşary ýurt döwletleriniň atçylyk federasiýalarynyň wekilleri ýurdumyzda atçylyk pudagynda gazanylýan üstünliklere uly gyzyklanma bildirip, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde hem-de Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri alyp barmak, talypary okatmak we atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlary boýunça mümkinçilikleriň döredilmegini haýyş etdiler.

Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçiren Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletleriniň atçylyk federasiýalaryndan gelen ýolbaşçylar hem-de wekiller, Türkmenistanyň atçylyk pudagynda gazanýan uly üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar hem-de ýurdumyzy halkara arenasynda goldajakdyklary barada ynandyrdylar. Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikriler alyşyldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda Dünýä we sebitleýin çempionatlaryň kubogyny almak ugrunda tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirmek, atly syýahaty mahabatlandyrmak hem-de ösdürmek öwrenildi.

Daýanç BEGMURADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok