Türkmen-gazak gatnaşyklary: syýasy gatnaşyklaryñ täze ulgamlarynda

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz eýermek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy mazmuny bolup durýar.

Türkmenistan goňşy döwlet bolan Gazagystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Iki lideriň erk-islegi bilen bu gatnaşyklar häzirki döwürde öz ähmiýetini artdyrýar. Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki oňyn syýasy dialogyň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny gazandy.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasy özara gatnaşyklaryň okgunly ösmegi üçin ähli  derejeler boýunça yzygiderli syýasy dialoga, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmäge ikitaraplaýyn ygrarlylyk bildirýäler.  Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklarynyň sebit we dünýä syýasatynyň köp meseleleri boýunça iki doganlyk ýurtlaryň Liderleriniň arasynda bar bolan özara düşünişmek ýagdaýy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmegine wajyp faktor bolup durýar.

Döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrmakda netijeli mehanizm hökmünde ykydysady , ylmy-tehniki we medeni  hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak  Hökümetara toparynyň çäklerindäki işleri görkezmek bolýar.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklary ýola goýmak hem-de iki döwletiň Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belemek boýunça bilelikdäki çäreleri gurnamak maslahatlaşyldy.Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.

Iş ýüzünde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge umumy çalyşmakdan ugur alyp, iki ýurduň baştutanlary söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geljegi uly bolan mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň utgaşdyryjy edara hökmündäki, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ornuny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny bellenilýär.

Arazmyrat HAÝYDOW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok