Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilen tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak netijesinde ähli çäreler işjeň ýaýbaňlaşdyrylýar. Bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň oňyn netijeleri berýändigine gazanylýan üstünlikler şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ýaýbaňlaşdyrylýan giň möçberli özgertmelere we we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim ulgamyndaky ösüşler pugtalanýar. Munuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulýeti kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyndan ugur alynýan bu Konsepsiýa ýedi bapdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak bilen bagly işiň hukuk esasyny üpjün etmekde, ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmekde uly tagallalar edýär. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektro tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriň diňe käbirleridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijiniň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmeginde, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna-da sanlaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.
Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler