Dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar!

Ýurdumyza Meksikadan hem hoş habar gelip gowuşdy. Dostlukly döwletiň Gwadalahara şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Olaryň 2-si bolsa altyn medaldyr.

Bu medallaryň altysyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gaýgysyz Töräýew bilen Şahzadbek Matýakubow, üçüsini bolsa paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Änamjan Rustamowa gazandy.

Heniz ýaşdygyna garamazdan, halkara ýaryşlarda medallaryň birnäçesini gazanmagy başaran Gaýgysyz Töräýew dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Ştangany silterläp galdyrmakda 151 kilogram netije görkezen Gaýgysyz itekläp galdyrmakdaky netijesini 184 kilograma ýetirdi. Bu agyrlyklaryň ikisi hem oňa kümüş medal getirdi. Geljegine uly ynam bildirilýän türgen üçünji kümüş medalyny bolsa iki görnüşiň jemi boýunça gazandy. Onuň eýgeren umumy agyrlygy 335 kilograma deň boldy. Şunda ildeşimiziň dünýäniň çempiony bolan gazagystanly agyr atletikaçy Ýedige Ýemberdiden bary-ýogy 1 kilogramlyk netije bilen yza galandygyny aýtmak gerek. Sport ýoluna Mary welaýatynda Şatlyk Durdyýewiň ýolbaşçylygynda başlap, häzirki wagtda baýry tälimçi Mansur Rejebowdan tälim alýan türgen bürünç medala mynasyp bolan gruziýaly Saba Asanidzeden 2 kilogram öňe saýlandy.

Şu okuw ýylynyň ahyrynda «Olimp» orta sport mekdebinden uçurym boljak Änamjan Rustamowanyň çykyşy türkmenistanly janköýerleri has-da tolgundyrdy. Çünki gyzlaryň arasynda 81 kilogram agram derejesinde ştangany silterläp galdyrmakda türkmenistanly türgene taý tapylmady. Has takygy, hiç bir garşydaşy onuň eýgeren 104 kilogramlyk agyrlygyny göterip bilmedi. Hatda bu netije ýaşlaryň arasynda Aziýanyň täze rekordy hökmünde hasaba alyndy.

Ştangany galdyrmagyň birinji görnüşindäki üstünligi türkmenistanly gyzy itekläp galdyrmakda we çempionlykda hem üstünlige esasy dalaşgärleriň hataryna goşdy. Tälimçileriniň we janköýerleriň umydyny ödän Änamjan bu gezek 123 kilogram agyrlygy eýgerip, diňe meksikaly Meýrin Ernandes Lizarragadan 3 kilogram yza galdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 227 kilogram agyrlygy eýgeren türkmenistanly türgen ýaryşy bir altyn we iki kümüş medal bilen tamamlady.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýä çempionatyna 44 döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şeýle giň wekilçilikli ýaryşda türkmen türgenleriniň 10-a golaý medal gazanyp bilmekleri guwandyryjy netijedir.

Magsat BAÝAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok