Abu Sahyd Abul Haýyryň kümmeti

Ahal welaýatynyň Kaka etrap merkezinden 116 km, Mäne obasyndan 7 km demirgazyk-günbatarda Abu-Seýit – Mäne baba kümmeti ýerleşýär. Ol orta asyr Mähne şäheriniň çäklerinde saklanyp galan ýeke-täk binagärlik ýadygärligidir.

Mäne baba kümmetini alymlar XI-XIII-XIV asyrlar bilen seneleýärler. Bu kümmet özüniň binagärlik gurluşy boýunça örän täsindir. Onuň girelgesiniň merkezinde diwardan öňe çykarylan peştag ýerleşýär. Şol peştagyň arkasynyň iç ýüzi syrçaly bezegler bilen täsin bezelipdir. Syrça bezeglerinde goýy we açyk mawy we ak reňkler geometrik, ösümlik nagyşlary ussatlyk bilen ulanylypdyr.

Uzak ýyllaryň dowamynda peştagyndaky täsin syrça bezegleri tebigy täsirleriň netijesinde bölekleýin ýere gaçýar. Şol bölekler hem «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarpyndan toplanylýar we görnüşleri boýunça toparlara bölünip taýýarlanyldy. Syrça böleklerini ylmy esasda öwrenip öz ornunda goýmak işiniň birinji tapgyry 2009-njy ýylda amala aşyryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, paýhasy bilen daşy ýarýan Mäne baba 967-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda, her hili müşk-anbar we däri-derman ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inýär. Mäne babanyň doly ady Abu Sahyd Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi bolupdyr. Ýöne halk oňa hormat goýup Mäne baba diýipdir.

Gülaýym GARÝAGDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok