“Türkmenistan BMG-niň ýörite bölümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar”

Türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebinde BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň(UNHCR) Türkmenistandaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşykda BMG-niň wekiliýetinden Sergiu Gaina, Baizhan Oshakbayeva we Mariko Hall bosgunlar we olaryň hukuk ýagdaýy, olary goramak, raýatlygy edinmek hukugy ýaly mowzuklarda çykyş etdiler. Şol sanda, mowzuklar adamyň hukuklary we azatlyklaryny, bosgunlaryň, migrantaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny öz içine alýar.

Duşuşykda çykyş eden Sergiu Gaina: “Türkmenistan BMG-niň ýörite bölümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar” diýip belläp geçdi.

Duşuşygyň çäklerinde, gatnaşyjy talyplar bilen sowal-jogap görnüşinde pikir alyşmalar gurnaldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok