17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirilip, ol iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen işewür toparlarynyň nobatdaky duşuşygy Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda geçirilýän «Iran Prože» ýöriteleşdirilen sergisine gabatlanyldy.
Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Eýran tarapynyň wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça guramalarynyň, şeýle hem dürli pudaklarda, şol sanda ýokary tehnologiýalar ulgamynda özleriniň işläp taýýarlamalary bilen meşhur bolan Eýranyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar. Türkmen tarapyna esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçilikler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň hem-de beýleki hususy kompaniýalaryň 80-den gowragy wekilçilik etdiler.
Mejlisiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi. Şeýle hem gümrük serhedinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki serhet gümrük edaralaryny döretmek ýaly birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli pudaklaýyn edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy we degişli resminamalara gol çekildi.
Maksat ANNAGURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler