Galyňlygy takmynan 400 metr bolan hat-da Ýewropanyň iň beýik binasy 310 metrlik London Shard binasyndan hem has beýik äpet uly buz bölegi 30 ýyldan soň ilkinji gezek hereket edip başlady.
Aýsberg “A23a” diýlip atlandyrylýar. Onuň hereket etmeginiň esasy sebäbi bolsa global ýylylyk bolup durýar. 1986-njy ýylda Antarktidanyň kenar ýakasyndan aýrylan äpet uly aýsberg Weddell deňzine düşdi we bu ýerde buz adasyna öwrüldi.
4000 inedördül kilometre golaý meýdany bolan “A23a” aýsbergi, ozal Antarktidanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän we bir wagtlar Sowet gözleg merkeziniň ýerleşýän Filçner buz gatlagynyň bir bölegidir.
Hünärmenler “A23a” aýsberginiň ululygynyň gün geçdigiçe kiçelýändigini şeýle-de soňky aýlarda ýeliň we akymlaryň täsiri astynda çalt hereket edýändigini mälim edýärler. Alymlar aýsbergiň Antarktidanyň aýlaw akymyna düşüp ýok boljakdygyny aýdýarlar.
Baýrammyrat GÖLLIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler