Eziz diýarymyz ot-çöpüň, agaçlaryň, gülleriň, dürli ösümlikleriň bol gögerýän ýeri bolup, onuň goýnuny saýaly hem miweli baglar bilen baýlaşdyrmak ata-babalarymyzdan galan asylly däpdir. Milli terbiýämiziň özeni bolan bag ekmek işi bu günki gün döwlet syýasatynyň hem ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýyl bahar hem güýz aýlarynda ählihalk ýowary bag ekmek dabarasyny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.
Agaç ekmegiň sogabyny şahyr Gara Seýitliýew şygyr setirlerinde şeýle beýan edýär:” Her kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar”. Täze gurlan ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassa, bag-bakjaly owadan keşbi ynsan göwnüne ganat berýär. Aşgabat şäherimiziň gül-gülzara bürenen ajaýyp goýnuny, welaýatlarymyzy dürli agaç nahallary bilen bezemek üçin ählihalk ýowarlaryna gatnaşmak biz talyp ýaşlar üçin aýratyn buýsandyryjydyr. Ynsan saglygy üçin peýdaly bolan baglar gözellikleri bilen hem göwnüňi göterýär. Bag ekmek hem olara ideg etmek nesillere zähmetsöýerlik terbiýesini bermekde hem giň mana eýedir. Şunuň ýaly asylly ýörelgeleri öňe sürýän asylly başlangyçlary bilen halkymyzy baky bagtyýarlyga, gülzarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, şol başlangyçlary asylly dowam etdirýän il-günümiziň aladasy üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Suraý BALLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler