Zöhre-Tahyr galasy

Ýurdumyzda tassyklanan, aýratyn goralýan çäkleri döretmegiň we saklamagyň düzgünlerini kesgitleýän “Taryhy arheologik, şäher gurluşyk, arhitektura, monumental, çeper ýadygärlikleriň, tebigy binalaryň goragly zolaklaryny goramagyň tertibine” laýyklykda, Amyderýanyň töwereginde döwlet tarapyndan goralýan meýdanlaryň çäkleriniň çekilmegi tamamlandy. Onuň çäklerinden taryhy görnüşleri güýçli ýaýran, XX asyrda peýda bolan dürli desgalar aýryldy. Taryhçylara bu ýerde wajyp açyşlaryň ençemesi garaşýar. Çünki Beýik ýüpek ýolunyň esasy ugry bolup bu ýerde birnäçe gallalar bolupdyr. Derýanyň geçelgeleriniň ýerleşýän ýerinde şäher gallalarynyň galyndylary bar. Olara mysal hökmünde Hoja-Idat gala we Zöhre tahyr köşgi (Orta asyrlarda Nawidak), Kerki (Orta asyrlarda Zemm) we Kerkiçi galalaryny görkezmek bolar. Amyderýanyň iki kenarynda ýerleşen şeýle jübüt şäherler başga-da köp bolupdyr. Ýöne olaryň köp bölegi joşgunly suw akymlary kenaryny ýykyp çykanda hemişelik suw astynda ýitip gidipdir, beýlekileri bolsa heniz taryhçylar tarapyndan öwrenilmändir.

Zöhre-Tahyr köşgi ýa-da Nawidak şäherçesi Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ýadygärlik Amyderýanyň sag kenarynda esaslandyrylan iri iri şäher galyndylarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň III-XII asyrlardaky taryhy geçmişini öwrenmekde aýratyn orna eýedir. Mälim bolşy ýaly ýerli ilat ony “Zöhre-Tahyryň” köşgi ýa-da “Köşk gala” diýip atlandyrylypdyr. Il arasynda aýdylyşyna görä, “Gadym wagtlarda Zöhre we Tahyr atly aşyk-magşuklar bolupdyr. Şonuň üçin bu köşge Zöhre Tahyryň köşgi” diýip at beripdirler. Bu köşk uly çölüň içinde ýerleşipdir. Şol çölüň içinde kiçijek çeşme bolupdyr we şol çeşmeden Tahyr-Zöhre suw içýän eken. Mundan başga-da şol ýerde edil oturylýan oturgyja meňzäp duran agaç ösüp dur eken bu ýerde Zöhre we Tahyr oturypdyrlar. Zöhre we Tahyr aradan çykandan soň bu çeşmäniň suwy çekilip guraýar. Häzirki wagtda bu ýer taryhda yz galdyran aşyk-magşuklaryň köşgi hökmünde köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Häzirki wagtda Zöhre-Tahyr köşgüniň tutýan umumy meýdany 250×250 metre barabar bolup, derýa bu galadan bary ýogy 500 metr daşlykda ýadygärligiň saklanyp galan bölegi inedördül görnüşlidir. Onuň medeni gatlagynyň özeni bolan Erk köşgi şäheriň günbatar böleginde esaslandyrylypdyr. Mundan II-III asyr ozal Erk galanyň sag bölegi onuň ýarysy diýen ýaly derýanyň suwuna ýumrulyp weýran bolupdyr. Galanyň girelgesi derýanyň demirgazyk tarapynda, merkezinde Erk gala ýerleşipdir. Şäheriň daş-töweregini 3-4 metr beýiklikde, dürli ýerleri diňler bilen berkidilen we çig kerpiçlerden gurlan goranyş diwary gurşap alýar. Biziň günlerimize çenli şol diňleriň 5-si asyl nusgasynda saklanyp galypdyr. Şähere girmek üçin onuň ýeke-täk derwezesi bolup, ol galanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýär. Şäheriň hemme taraplaýyn ösen we kuwwatlanan döwri IX-X asyrlar diýlip senelenýär. Şol döwürde şäheriň tutýan meýdany hasda giňelip, ykdysady taýdan diýseň ýokary derejä ýetipdir. Mundan başgada şol wagtlar şäher “Nawidak” diýlip atlandyrylypdyr. Amyderýanyň orta akymynda Amul, Kelif, Zemm, Farap ýaly orta asyr şäherler bilen birlikde Nawidak galasynda hem alymlar barlag işlerini geçirdiler. Arheologiýa barlaglary häzirlikçe onuň iň gadymy medeni gatlagynyň III-IV asyrlarda degişlidigini kesgitledi. Autiki senenamalarda meşhur serkerde Aleksandr Makedoniýalynyň Amyderýadan öz ýoly bilen sag kenara geçişini beýan edipdir. Bu waka b.e. ozalky 329-nji ýylyň aprel aýy bilen senelenýär. XIX asyrda Rus Gündogarşynasy W.W.Grigorýew, Rim Taryhçysy Flawiý Arrianyň eserindäki Lapaka şäherini X asyr Arap geografy Şem Seddin Abdullah Makdisiniň kitabynda ýatlanylýan Naudah bilen birdigini çaklapdyrlar. Arheolog I.M.Hlopiň hem Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşen fonetik taýdan meňzeş 2 topoliniň Nawidanyň şol bir şäheriniň adydygy hakdaky pikirlerini tassyklapdyr. Ýadygärlikde 1931-nji ýylda A.A.Maruşenko, 1964-nji ýylda W.W.Pilipko, 1990-njy ýylda G.Gutlyýew we A.A Burhanow tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilipdir. Olaryň dowamynda ýadygärligiň çäklerinde amala aşyrylýan we türkmen halkynyň III-XII asyrlardaky durmuşy bilen baglanşykly diýseň köp tapyndylar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylaryň arasynda kümüşden we misden zikgelenen teňňe pullar, aýal terrokota heýkeljikleri, toýundan ýasalan we külalçylyk sungatynyň önümi bolan çanaklar, küýzeler we beýleki tapyndylar ýüze çykaryldy. Ýadygärlikden tapylan başga-da köp sanly tapyndylar goraghananyň muzeýinde saklanylyp, olar ýurdumyza gelýän syýahatçylara görkezmek üçin diýseň gymmatly çeşme bolup durýar.

Aýnura AÇYLOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok