Wombat – täsin jandar

Wombatlar Awstraliýada ýaşaýan süýdemdirijiler klasyna degişli bolan haýwandyr. Olar daşky görnüşi boýunça ownuk aýylara ýa-da uly hamsterlere meňzeýärler. Bedeniniň gurluşy we aýry-aýry bölekleri nukdaýnazaryndan onuň koala bilen köp umumylygy bar, ýöne olaryň gatnaşygy gaty uzakdyr.

Bedeniniň uzynlygy 70-130 sm, agramy bolsa 20-40 kg aralygyndadyr. Ýöne ýitip giden wombatlaryň arasynda bedeniniň ululygy we agramy boýunça ondan hem ululary bolupdyr. Wombatlaryň bedeni galyň we ykjamdyr. Kellesi uly, gapdallary birneme tekizlenen ýaly görünýär, gözleri we gulaklary kiçi hem-de tegelekdir. Adatça olaryň burunlary tüýsüz bolýar, emma olaryň arasynda burunlary tüýlüleri hem duş gelýär. Guýruklary gysga, elleri we aýaklary güýçli, bäş barmakly, olardan daş tarapda ýerleşen dördüsi ýer gazmak üçin uýgunlaşan uly dyrnaklar bilen örtülen. Onuň tüýleri ýaşaýan ýerine baglylykda goňur, çal ýa-da goýy reňkde bolup bilýär.

Wombatlaryň eňekleri we dişleri gemrijiler bilen meňzeşdigini görkezýär. Olaryň eşidijiligi we ys alyjylygy gaty oňat ösen. Ýöne olar gowy görüp bilmeýärler. Bu haýwanlar daşyndan ýalta görünýändiklerine garamazdan örän çalt we çalasyndyrlar. Olar howpdan gutulmak üçin örän çalt bökýärler, agaja aňsatlyk bilen çykyp ýa-da howuza çümüp bilýärler. Olar sagatda 40 km tizlik bilen ylgaýarlar, käbir halatlarda gysga aralyklara bökende olaryň tizligi 60 km/sag tizlige çenli hem ýetip bilýär.

Jahan ATABAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok